“Dünýäň syry kitap bilen açylýar”

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw–terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

  Söhbetdeşlikde ça­ga­nyň ter­bi­ýe­li bo­lup ýetiş­me­gi­ne has ir­ki ýaş­lar­dan üns ber­mek mö­hüm­dir. Kör­pe­ler­de go­wy gy­lyk-hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la gel­me­gin­de ki­tap­la­ryň, oýun­la­ryň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ça­ga­lar ki­çi­li­gin­den er­te­ki diň­le­mä­ge hö­wes­li bol­ýar­lar. Ata- ene­ler, ter­bi­ýe­çi­ler ça­ga­nyň bu is­le­gi­ni na­zar­da tu­tup, oňa ter­bi­ýe, öwüt-ün­dew be­ri­ji er­te­ki­le­ri okap ber­me­li­dir. Olar en­tek köp za­da dü­şün­me­se-de, er­te­ki­de be­ýan edil­ýän wa­ka­la­ry ýa­dyn­da sak­la­ýar­lar. Ça­ga­lar üçin ki­tap saý­la­nyp al­nan­da, ola­ryň su­rat­lar bi­len be­ze­li­şi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar, se­bä­bi ça­ga eli­ne ki­tap alan­da, il­ki bi­len, onuň için­dä­ki su­rat­la­ra se­red­ýär. Şol şe­kil­ler ça­ga­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär we ki­ta­by oka­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy, hö­we­si art­ýar. 

  Şo­nuň ýa­ly-da, ki­tap­la­ryň üs­ti bi­len ça­ga­nyň söz baý­ly­gy art­ýar, aň-dü­şün­je­si gi­ňel­ýär, köp zat­la­ra akyl ýe­tir­ýär. Esa­san-da, bi­li­mi, edep-ter­bi­ýe­si ýo­kar­lan­ýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. 

  Söhbetdeşligiň dowamynda çagalara “Öwünjeň pälwan” atly erteki okap berildi. Bu bolsa çagalarda örän uly täsir galdyrdy. 

  Söhbetdeşligiň ahyrynda körpe nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655