“Astronomiýa dünýäsine syýahat”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär, hem-de taryhy wakalara eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyp ýaşlary bilen bilelikde kitaphananyň obserwatoriýa otagyna “Astronomiýa dünýäsine syýahat” atly gezelenç geçirildi, ýurdumyzyň talyp ýaşlary üçin astronomiýa düşünjeleri we maglumatlary öwrenmek hem-de düşündirmek maksady bilen ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal edip Arkadag şäherinde we welaýat merkezlerinde gurulyp ulanylmaga berlen kitaphanalaryň asman jisimlerine gözegçilik etmeklige niýetlenen obserwatoriýalarynda dünýäniň kämil teleskoplarynyň oturdylmagy tebigy we takyk ugurlary bilimlere uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Gezelenjiň ahyrynda talyp ýaşlar şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.