Kitaphanalar ruhy hazynanyň gözbaşy

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary kitaphanada guralan  ylymyň-bilimiň dürli pudaklaryna degişli bolan
sergileri synladylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinden, başgada döwrümizi wasp edýän birnäçe ýazyjy
şahyrlaryň eserlerinden, dürli pudaklara degişli bolan edebiýatlardan özlerine
gerek bolan maglumatlary peýdalandylar.  
Häzirki wagtda, ýaşlarymyzyň kitap okamaga höwesi uly bolup, bu günki
gün kitaphanalar iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzda kiçi
ýaşly çagalardan başlap, uly ýaşlylar üçin hem baý many-mazmuna eýe bolan
eserler yzygiderli neşir edilýär we kitaphanalaryň gaznasyny hasda
baýlaşdyrýar.    Gezelenjiň ahyrynda  ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana
geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655