Mylaýym hem sada türkmen gözeli

Berkarar döwletimizde mukaddeslige deňelýän mährem enelerimiziň,
zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Çünki türkmen
zenanlary eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bitirýän hyzmatlary bilen birlikde
Arkadagly Serdarymyza, ata Watanymyza wepaly, watansöýüji, sagdyn hem-de ruhybelent
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hem uly yhlas edýärler. Ýurdumyzda maşgala
binýadynyň pugtalandyrylmagy, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli
şertleriň döredilmegi döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan mesele bolup durýar.
Döwleti dolandyryş işlerinde, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda,
medeniýetde, aragatnaşyk we hyzmatlar ulgamynda yhlasly zähmet çekýän
zenanlaryň, gelin-gyzlaryň kanunçylyk bähbitleriniň hem-de hukuklarynyň üpjün
edilmegi olaryň maşgala durmuşynda, jemgyýetde tutýan ornuna ýokary bahanyň
berilýändigine şaýatlyk edýär. Çünki zenan maşgala, türkmeniň gelin-gyzlary
özüniň mähremligi, hamraklygy bilen dünýä nur çaýýar, jemgyýeti mähir-aladasy
bilen gurşaýar. Bu bolsa dünýämiziň abatlygyny, asudalygyny emele getirmäge
esas döredýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler. 
Söhbetdeşligiň
ahyrynda 
milliligimizi dünýä ýaýmaga giň
mümkinçilikleri döredip berýän, zenanlarymyzyň abraý-sarpasyny belentde
tutýan 
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza
çäksiz alkyş aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655