Halkara zenanlar baýramy
Mährem eneler halkymyzyň buýsanjy bolmak bilen, maşgala ojagynyň sütüni, wepalylygyň nusgasy hasaplanýar. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Eneler ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durupdyr. Hakykatdan hem, ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. “Ene toprak” diýlen düşünje hem ýöne ýerden däldir. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramyny giňden bellemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.