Ýüreklerde ýaşap ýör ol henizem, ussat şahyr: Gurbannazar Ezizowy
Çärede ýaz gününiň ilkinji güni şeýle bir üýtgeşik gün, sebäbi ol gün ýüreklerde öçmejek yz galdyran hem-de goşgulary bilen kalpdaky dünýämizi bezän şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň doglan günüdir. Türkmeniň ezizläp, eý görýän şahyry, ömri gysga bolsa-da, şol döwrüň içinde halkyň, okyjy ýaş şahyrlaryň söýgüsini gazanan
ussat ýazyjy Gurbannazar Ezizowdyr. Ol 1940-njy ýylyň mart aýynyň 1-ne Ahal
welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda dünýä inip, Aşgabada göçüp
gelenlerinden soň, Aşgabatdaky 29-njy orta mekdebi, soňra hem Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil-edebiýat bölümini tamamlaýar. Gurbannazar Ezizow gysgajyk ömrüniň dowamynda öz ykbalyny goşga baglapdyr. Onuň her bir ýazan goşgusyny okanyňda ýaz paslyna, Watanyňa, ene-ataňa, söwer ýaryňa bolan söýgi-duýgularyny oýarýar.
şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän,
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri
aýdyldy.