Dünýäniň bar görki enedir ene

Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň burk urýan, tebigatyň durkudyr howasy bilen
täzelenýän döwrüdir. Bu paslyň ilkinji günlerinde, ýagny, 8-nji martda Halkara
zenanlar güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär.
Milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän “8-nji Mart – Halkara zenanlar
güni” ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilip, merdana halkymyzy, ozaly
bilen täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli
buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. 
«Türkmenistan
- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem eziz Diýarymyzda ýaz
paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlik bilen
giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym – mukaddeslige
 tagzym” atly kitabynyň halkymyza ruhy serpaý edilip ýapylmagy bu aýdyň
hakykata şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda beýik özgertmeleri, iri möçberli
maksatnamalary durmuşa geçirmekde özleriniň ähmiýetli goşandyny goşup, bitiren
aýratyn hyzmatlary  hem-de zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly
üstünliklerini nazara almak bilen gelin-gyzlarymyza “Zenan kalby” ordeni we
Mähriban Prezidentimiziň Permany bilen Garaşsyz Watanymyza wepaly, sagdyn,
ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýän sekiz we şondan köp çagaly enelere
“Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli  döwlet sylaglaryny
gowşurylyş dabaralary geçirilýär. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň
bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip,
kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda
yhlasly zähmet çekýärler, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda ähmiýetli
işleri amala aşyrýarlar. 
Kitap serginiň  ahyrynda Halkara zenanlar güni 8-nji mart
baýramyny giňden bellemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun
aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag
ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655