"Arkadag" futbol kluby bilen "Ist Bengal" hindi klubunyň arasyndaky geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde hususanda ýaşyl şäher, ýaşlaryň şäheri Arkadag şäherinde sport desgalarynyň ençemesi gurulyp ulanylmaga berildi, munuň özi ýaş nesilleriň sporta bolan söýgüsini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan atalyk aladalaryň ýene biridir. Biz hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir zähmetkeşleri bilen "Arkadag" futbol kluby AFK çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda watandaşlarymyza janköýerlik edip gollamaga uly ruhybelentlik bilen gatnaşdyk. 10000 orunluk futbol meýdançasynda Hindi topary ilki bolup hasaby açyp 2-nji minutda Rafael Buli gol geçirdi. Duşuşygyň 33-nji minutda "Ist Bengalyň" goragçysy Lalçungnunga ikinji sary duýduryşyny alyp, meýdançadan çykaryldy. 88-nji minutda bolsa "Arkadag" toparynyň oýunçylary
Altymyrat Annadurdyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňlemegi başardy
we 10 minut soňra ýene-de Annadurdyýew Yhlas Saparmämmedowyň assistentden
ikinji goluny geçirip, duşuşygyň biziň ildeşlermiziň üstünlik gazanmagyna
getirip hasaby jemledi.