Nowruz geldi diýara

Bu pasylda türkmeniň ajaýyp
baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy bellenilýär. Nowruz türkmen halkynyň,
galyberse-de bütin gündogar halkynyň gadymdan gelýän baýramydyr. Aslynda Nowruz
sözüniň manysy «Now» - täze, «ruz» - gün manylaryny berip, bu bolsa täze ýylyň
täze güni diýmekdir. Tebigatyň janlanyp, zeminiň görke gelen pursady
bellenilýär. Nowruz baýramy diýarymyzda uludan bellenilýär. Türkmeniň atalar
sözlerinde, nakyllarynda, yrymlarynda aýdymlarynda hem öz beýanyny tapýar.
Diýarymyzda Nowruz baýramynda birnäçe süýjülikler taýýarlanyp toý saçagy giňden
ýazylýar. 
17.03.2025-nji ýyl halkymyz  Milli bahar baýramyny Halkara Nowruz güni ýokary ruhybelentlik, hoşniýetli umyt arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Nowruz geldi diýara” atly kompozisiýa geçirildi.Türkmenistanyň
medeni durmuşynda asyrlar boýy möhüm orun tutýan gadymy nowruz baýramy “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda hem täze mana eýe bolýar. Baharda gije-gündüz deňleşip, tebigat janlanýar.Tebigatyň bu täzelenişi durmuşyň
gözelligi, adamlaryň şatlygy bilen utgaşyp gidýär. 
Häzirki döwürde bu baýramyň halkara derejesinde bellenilmeginiň, ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda toý-baýramlarymyzy giňden bellemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý,
Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç
bolmagyny arzuw edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655