Nowruz — tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy
Arkadag şäher häkimligi we Arkadag şäherinde zähmet çekýän ähli pudak edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Nowruz tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy” atly Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Akylly şäher Arkadag şäherimizde iň bir owadan seýilgähleriň biri “Taryhy medeni seýilgähler toplumy” atly açyk meýdançada baýramçylyk dabarasy we köpçülikleýin medeni çäreler geçirildi. Bu dabarada Milli gymmatlyklarymyz dogrusynda birnäçe sergiler gurnaldy. Bu ýerde Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köp öwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhybelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar. Dabarada türkmen gelin-gyzlarymyz özleriniň owadan Milli toý lybaslaryny geýip el işleri bilen meşgullanýarlar, ýüň egirýärler, haly dokaýarlar, keçe taýýarlaýarlar. Bu ýerde sazandalar, aýdymçylar, tansçylar çykyş edýärler. Körpeje balajyklarymyz bolsa Milli oýunlarymyzy uly höwes bilen oýnaýarlar. Bu bolsa dabara has owadan öwüşgin berdi. Dabaramyza gelen myhmanlarada bu aýdym – sazly çykyşlar we gurnalan sergiler uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynda Milli baýramçylyklarymyzy giňden bellemäge uly mümkünçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.