Nowruz geldi gül Diýara

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde guramagynda “Nowruz geldi gül Diýara” atly Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.

  Gözel Arkadag şäherimiziň ýaşaýjysy Hojageldiýewleriň agzybir maşgalasynda Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli giň desterhanyň başynda söhbetdeşligimizi giňişleýin dowam etdik. Söhbetdeşlikde Adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan Halkara Nowruz güni Arkadagly ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biriniň ýüzünde gülki alamatlary bilen, ýüreklerinde bolsa bahara bolan mähirli söýgüsini görmek bolýar. Özüniň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen ýüreklerde aýratyn orun alan bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň kalbynda baky oruna eýedir. Halkymyzda Nowruz saçagyny dürli we tagamly nygmatlar, köpdürli naharlar bilen bezemek dessury gadymdan bäri dowam edýär. Nowruz saçagyna goýulýan naz-nygmatlaryň syrly güýje eýedigine ynanylypdyr. Şolaryň biri-de Nowruz semenisidir. Mundan başga-da türkmen halkymyz Nowruz saçagynda palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy, Nowruz köjesi ýaly Milli tagamlar mukaddes desterhanymyzyň bezegine öwrüldi.

  Söhbetdeşlige gatnaşanlar Milli baýramçylyklarymyzy giňden bellemäge uly mümkünçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655