Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda “Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy” ady bilen sergi, gezelenç geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan dörän ajaýyp eserleriniň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin düşündirmek, ýaş nesilleri watançylyk we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek hem-de Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň 2025-nji ýylda ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasynyň 3-nji bendini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda dürli çäreler yzygiderlilikde geçirilýär. Bularyň ählisi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Gezelenjiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan gymmatly eserleri wagyz etmekde giň mümkünçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.