Çaga alkyşlary ýalkaw, Arkadag!
Döreden gaznaňa dört ýyl bolandyr,
Ynjalyk tapansyň sen çagalardan!
Ýüpek kalba sahabatyň dolandyr,
Nesibelidirler eşret çaglardan!
Türkmenistanyň Gahrymany,
Gözel Şagulyýewa
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag gazetiniň baýramçylyk sany gelip gowuşdy. Kitaphanaçylar gazetdaky bölümler bilen içgin tanyşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň baýdagyny döretmek hakyndaky kararyň kabul edilmegi, halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara derejede giňden bellenilen Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygy sebäpli bejergi alýan mümkinçiligi çäkli çagalara we merkeziň inklýuziw toparly çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpelere Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan Nowruz süýjüliklerden ybarat bolan baýramçylyk sowgatlarynyň gelip gowuşandygy baradaky habarlar bütin türkmen halkyny we kitaphanaçylary begendirdi, buýsandyrdy. Şeýle habarlary okyjylara wagyz etmekde döredip berýän mümkünçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.