Milli mirasymyz-egsilmez guwanjymyz
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramaklarynda “Milli mirasymyz-egsilmez guwanjymyz” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeni mirasy öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär. Türkmen halky tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň nusgalaryny toplap öwrenmek, gorap saklamak babatynda maksatlaýyn işleri alyp barmaklyk hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy-usulyýet, wagyz-nesihat häsiýetli işleri ýola goýmak, ilatdan toplanylan maglumatlary arhiwleşdirmek, olaryň maglumatlar binýadyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.