“Magtymguly Pyragy-dünýä ähmiýetli şahsyýet”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünar okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy-dünýä ähmiýetli şahsyýet” atly söhbetdeşlik hem-de gezelenç gurnaldy. 

   Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri dogrusynda hem-de Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýandygy, ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji hökmünde müdümi ýaşaýan, dana şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun alandygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi. 

   Çäraniň dowamynda talyp ýaşlara ajaýyp kitaphanamyza gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda kitaphanaçymyz biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyz hakynda talyp ýaşlara gürrüň berdi we kitap sergilerdäki kitaplar bilen  giňişleýin tanyşdyrdy. 

  Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, Milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkünçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655