“Bedew atym ganatym”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda türkmen bedewiniň Milli baýramy mynasybetli “Bedew atym ganatym” ady bilen kitap sergi gurnaldy. 

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Diýarymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Her ýylda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen bedewiniň Milli baýramy uludan bellenip geçilýär. Ahalteke bedewiniň baýramy mynasybetli at çapyşyklary, bedewleriň arasynda gözellik bäsleşikleri gurnalýar. Şol sanda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphana işgärleriniň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden we beýleki ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden kitap sergi gurnaldy. 

   Türkmen bedewleri gadymy döwürlerden bäri toýlarymyzyň bezegi, halkyň genji-hazynasy, ynsan gymmatlygy bolup, nesilden-nesle geçip şu günlerimize gelip ýetipdir. Merdana pederlerimizden miras galan behişdi bedewlerimizi başynyň täjine deňän halkymyz gamyş gulak bedewiniň dabarasyny ýurduň çar künjeginde ýaýbaňlandyrýar. Syn-syýakly, näzik owadanlygy, ýyndamlygy, edermenligi bilen dünýä ýaýran bedewleri bu gün çäksiz hormata mynasypdyr. 

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ösüşlere, Milli sungatymyza giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655