“Bagtyýar çagalaryň şatlykly döwri”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Bagtyýar çagalaryň şatlykly döwri” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli başlangyçlaryny Hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi esasynda soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, körpeje çagalarymyz okuw sapaklaryndan daşary özleriniň ukyp başarnyklaryny, gyzyklanýan el işleri bolan dürli reňkli kagyzdan dürli şekilleri ýasamak bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz bilen duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, gürrüňdeşlikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bu bolsa çagalar üçin boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmäge niýet lenen oňyn mümkünçilikleriň biridir. Höwesli çagalar üçin döredijilik duşuşyklaryň, ýüze çykýan özara gatnaşygyň uly ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalarynyň asuda parahat durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!