“Kalplarda orun alan Pyragy”

      Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Kalplarda orun alan Pyragy” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy-öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde adamzadyň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň dürdäne sözleri halkymyzyň edep-terbiýe mekdebiniň, ahlak-ýörelgeleriniň ählisi babatda kämilliginden habar berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, kämil eserleri ýagşylygyň we edepliligiň gönezligidir. Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklarynyň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi, terbiýelemekde uly ähmiýeti bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler. 

    Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamaga, düýpli öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly mümkünçilikler döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.



 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655