“Mert ýigitler Watany beýgeldýär”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyňSahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Mert ýigitler Watany beýgeldýär” atly gürrüňdeşlik geçirildi. 

   Gahryman Arkadagymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil Milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini durmuşa ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýratyn nygtaýar. Taryhda ata-babalarymyz mukaddes Watanyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy Milli ýörelgä öwrüpdirler. Şonuň üçin hem Watany söýýän, oňa buýsanýan, ýaşlary terbiýelemekde adamzat ýaşaýşyny öwrenýän ylymlar örän uly orun eýeleýär. 

   Bu gürrüňdeşlikde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdiler. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň bu eserleri her bir terbiýeçi üçin gymmatly gollanmadyr. Mugallym, esger, il halar ynsan Berdimuhamet aganyň görüm-göreldesi hemişe, hatda iň soňky deminde-de halkyň aladasy bilen bolmagy ündeýär. Anna agadyr Berdimuhamet mugallymyň, Mälikguly Berdimuhamedowyň keşplerinde «Watan» diýen düşünjä bolan kämil gatnaşyk örän ussatlyk bilen beýan edilýär  diýip täsirli gürrüňler etdiler. 

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde giň mümkünçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun halkymyz üçin alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655