Kitap okan ýol tanar
Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň tükeniksiz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ynsanyň ýaşaýşa, durmuşa bolan gözýetimi giňdir.
Kitap adama edil howanyň, günüň, suwyň zerur bolşy ýaly, gerekdir. Sebäbi ol özüňi tanamagy, dünýäni öwredýär. Häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe geljege ynamly ýaşlarymyzyň kitaba, bolan çäksiz söýgüsi kalplarda gaýnap joşýar. Ynsanyň ýaşaýyş durmuşunda taryhymyzda we häzirki zamanda hem iň gymmatly hazyna ömrüňi nurlandyrýan kitapdyr. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynda döreýän ajaýyp kitaplary hem tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.
Söhbetdeşlikde şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.