“Kitap pähim-paýhas çyragy”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda “Kitap  pähim-paýhas çyragy” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Söhbetdeşlikde kitap egsilmez baýlykdyr. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Özi hem döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly oruny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Şonuň üçin hem ylmy gözlegde bolmak we kämillige gadam basmak ylmy garaýyşlaryň üsti bilen mümkün bolýar. Çünki geçmişde ata-babalarymyz baý golýazma çeşmelerini hem miras goýupdyrlar. Şeýle golýazma çeşmeleriniň özi bolsa öňi bilen pähimdar pederlerimiziň ylymdar bolandyklaryny, ylym ýolunyň nusgasyny kemala getirendiklerini görkezýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesini dowam edip, bilimli nesilleri kemala getirmäge giň mümkünçilikler döredilýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler. 

   Söhbetdeşligiň şahyrynda gymmatly eserleri okamaga, öwrenmäge, geljekki nesillere ýetirmäge döredip berýän mümkünçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655