“Dünýä gözelligine soltan halylar”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Dünýä gözelligine soltan halylar” atly gürrüňdeşlik geçirildi. 

   Täze taryhy eýýamymyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” şöhratly ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ha­ly­çy­lyk se­ne­di has-da ös­dü­rilýär. Bu gün­ki gün türk­men ge­lin-gyz­la­ry ga­dy­my, Mil­li ha­ly se­ne­di­mi­ziň täzeden-täze nus­ga­la­ry­ny dö­red­ýärler. Şol ajaýyp halylarymyzy döredýän gelin gyzlarymyza bolsa bu günki gün Şa ser­paý­la­ry bi­len sy­lag­lanylýar, hor­mat­ly at­la­ry dak­ylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ar­şyň ne­pis­li­gi” at­ly ki­ta­byn­da bel­leýşi ýa­ly: “Ha­ly-hal­ky­my­zyň ga­dy­my hem mü­dü­mi, owal-ahyr yg­rar­ly sun­gaty­dyr” diýmek bilen beý­le sun­gat bol­sa el­my­da­ma sar­pa­lan­ma­ga, ta­ry­py­ny be­lent tut­ma­ga my­na­syp­dyr.



   Öň­ki dö­wür­ler­de bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de-de da­şa­ry ýurt­lylar türk­men ha­ly­la­ry­ny örän sar­pa­la­ýar­lar. Mil­li ha­ly sun­ga­ty­myz bu gün­ki gün da­şa­ry ýurt­lar­da we öz ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­le­re gat­naş­dy­ryl­ýar. Türkmen ha­ly­la­ry hal­ka­ra ser­gi­le­rin­de da­şary ýurt­ly ha­ly­şy­nas­la­ryň söý­gü­si­ne, ýo­ka­ry ba­hasy­na my­na­syp bol­ýar. Ulu­ly­gy bo­ýun­ça dünýä­de iň äpet ha­ly hökmün­de «Al­tyn asyr» atly türk­men ha­ly­sy­nyň Ginne­siň re­kord­lar ki­taby­na, türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adamzadyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sanawyna girizilmegi bolsa äh­li Türk­me­nis­tan­ly­lar üçin ju­da ýa­kym­ly­dyr we buý­sanç­ly­dyr. 

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda aja­ýyp ha­lyla­ry­my­zyň asyl­ky şöh­ra­ty­ny dün­ýä doldu­ran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655