“Mertler ýüreklerde baky ýaşaýar”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda “Mertler ýüreklerde baky ýaşaýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşly döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary, merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant-goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-tenden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan gerçeklerimizi hormat goýup, sarpalaýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.