“Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri  ýaşlarymyza görelde mekdebi”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýaşlarymyza görelde mekdebi” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Söhbetdeşlikde täze taryhy eýýamyzda eziz ýurdumyz ösüşiň kämil derejesi bagta barýan ak ýollarda batly ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek we olary ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşyny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Her bir tutumda bize nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri bu günki gün her bir ýaşlarymyzy Watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma mekdebi bolup durýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. 

    Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagy üçin döredip berýän ähli mümkünçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655