“Watan iň beýik mukaddeslikdir”

     Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Watan iň beýik mukaddeslikdir” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

    Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan il-ulsumyzyň kalbynda Watan, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar. Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşguny bolup durýar. 

   Watanyň näderejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine Gahryman Arkadagymyzyň ýürek joşgunyndan, milli ruhy buýsanjyndan syzylyp çykan «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplaryny okanyňda, aýdyň göz ýetirmek bolýar.. 

    Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby ýaşlary watansöýüjilik ruhunda, ýokary milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Bu ajaýyp kitapda Watanymyzyň ezizligi hakyndaky gymmatly duýgular giňden beýan edilýär. Kitapda watansöýüjilik, agzybirlik, parahatçylyk, dost-doganlyk, adalatlylyk, halallyk, birek-birege hormat goýmak, ýaly ajaýyp duýgular kalbyňy gurşap alýanlygy barasynda täsirli gürrüň berdiler. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda Ýurdumyzy parahat durmuşda, asuda günlerde ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655