“Söz mülküniň bossany”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri, paýtagtymyzyň kitaphanalarynda zähmet çekýän kitaphanaçylary şeýle hem “Altyn asyr” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde gurnamaklarynda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda “Söz mülküniň bossany” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde şol bir sanda eziz Diýarymyzda hem wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şular dogrusynda ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalar ulgamynyň zähmetsöýer kitaphanaçylary hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.
Duşuşygynyň ahyrynda ylymlaryň-bilimleriň ojagy bolan kitaphanada ýerleşýän dürli pudaklara degişli çuň manyly kitaplary giň okyjylar köpçüligine ýetirmäge döredip berýän uly mümkünçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.