AZIÝANYŇ FUTBOL KONFEDERASIÝASYNYŇ ÇAGYRYŞ LIGASYNYŇ ÇEMPIONY «ARKADAG» FUTBOL TOPARYNY GARŞYLAMAK DABARASY

12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna garşylamak çäresi geçirildi. 
Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde “Arkadag” futbol toparynyň gazanan taryhy ýeňşi mynasybetli ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen garşy alyndy. Halkara derejede ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göteren futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip, dabaranyň başlanýan ýerine geldiler. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. “Çagyryş ligasynyň çempiony” diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar. 
Toparyň türgenleri Akhan, Aba Annaýew hem-de Kärizek şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna tarap ugradylar. Ýol ugrunda ajaýyp ýeňiş gazanan futbolçylary Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, zähmetkeşleri şele-de Döwletmmämet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň agzybir zähmet söýer işgärleri, şatlyk-şowhun bilen garşylamak dabarasyna gatnaşdyk. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň nurana ýollarynyň ugrunda belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary “Arkadag” toparynyň taryhy ýeňşiniň waspyny ýetirdi. 
“Arkadag” futbol toparynyň türgenleri 10 müň orunlyk stadionyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Ajaýyp ýeňiş gazanyp, halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşan futbolçylara türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, duz-çörek hödür edildi. Il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, ýaş türgenler futbolçylara ak ýol arzuw etdiler. Olaryň gazanan ýeňşi ýaş türgenler üçin nusgalyk göreldedir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şular ýaly ajaýyp mümkünçilikleri döredip berýän türkmen sportynyň hak howandary, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Ömürleri uzak bolsun! Il ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655