“Çagalar biziň güneşli geljegimizdir”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda Çagalar biziň güneşli geljegimizdir” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkünçilikler we şertler döredilýär. Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýan, her pursatynyň many-mazmunly geçmegi barada biziň hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda çagalara degişli alnyp barylýan netijeli işler döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýär. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­ň asu­da, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ata­lyk ala­da­la­ry­ny ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­nlary sag, öm­ürleri uzak bolsun, il-ýurt bäh­bit­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655