Bitaraplyk – baky gymmatlyk.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz Türkmenistan Watanymyzyň goşa ganatydyr. Bu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylyk söýüjilik, dostluk taglymatlarynyň dabaralanmasy bolup taryha ýazylýar. Bitaraplygyň özeninde bar bolan parahatçylyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelerimiz bolsa halkymyzyň baýlygydyr. Abadançylygy özünden öň goňşusyna, il-güne, bütin adamzada arzuw edýän türkmeniň şeýle ýörelgesi ony uly bagta ýar etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Dünýäde parahatçylygy goramagyň, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň gözbaşlary pahim-paýhasa öwrülen çuň manyly jemgyýetçilik ýörelgelerinde jemlenýär” diýmek bilen, parahatçylygyň halkara ýörelgesiniň baş binýadyny jemgyýetçilik ýörelgeleri bilen baglanyşdyrýar. Şonuň üçin hem türkmen halky ähli döwürlerde hem parahatçylyk ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Biz bu hakykatyň beýanyna ata-babalarymyzyň baý halk döredijiliginde hem-de çuňňur nusgawy edebiýatymyzda hem görüp bileris.
Biz medeniýet we sungat işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!