Bagtyýar uçurymlar
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ýaşlaryň, durmuşa bolan gözýetimi barha giňdir. Çünki olar Diýarymyzyň ýagty gelejegini nazarlaýan beýik işleriň, maksatly tutumlaryň tarapdarlarydyr.
Ýaşlaryň ylaýtada orta mekdebi tamamlaýan mekdep uçurymlarynyň durmuşynda bu günki gün ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Şeýle bagtyýar uçurymlaryň hatarynda bolan, Arkadag şäheriniň uçurymlary hem özlerine bildirilýän uly ynamy ödemekligi maksat edinýärler. Olar şeýle ajaýyp günlerde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gezelenç etdiler we bu ýerdäki ajaýyp kitaplar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Gezelençli söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň aýdyň gelejegi üçin taýsyz tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.