“Magtymguly Pyragy-ýürekleriň çyragy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde “Magtymguly Pyragy-ýürekleriň çyragy” atly gezelenç geçirildi.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik wekili, kerwenbaşysy Magtymguly Pyragy joşgunly zehinini, manyly ömrüni mähriban halkyna bagyş eden, Watanyny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr. Beýik söz ussady milli dilimiziň ähli baýlyklaryndan, çeperçilik serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanyp, halkyň isleg-arzuwlaryny, ýaşaýyş-durmuşyny, häsiýetini açyp görkezipdir. Şahyryň şygyrlary adamlaryň aňynda ynsanperwer garaýyşlary, ýaşaýyş, durmuş barada oňyn, sagdyn pikirleri oýaryp, ruhy gymmatlyga öwrülipdir.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynda, tutumly işlerinde Magtymguly Pyragynyň erkana hem abadan durmuş, berkarar döwlet, il agzybirligi, ýurt abadançylygy, mert, watansöýüji, kämil nesilleri ýetişdirmek baradaky köňül arzuwlary, sözüň doly manysynda, amala aşýar. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem gymmatlygyna öwrülip, ebedi ýaşaýar.
Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini şeýle hem many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.