“Çagalarymyzyň bagtyýarlygy – Watanymyzyň kuwwaty”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda “Çagalarymyzyň bagtyýarlygy-Watanymyzyň kuwwaty” atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.
Biziň her bir günümiz, durmuşymyz, dünýämiz-ýaş nesiller bilen owadan. Ýaş nesiller Watanymyzyň geljegidir, olar buýsanjymyzdyr, guwanjymyzdyr.
Ýurdumyzda ýaş nesiller barada uly alada edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ösen ylmy-tehniki tilsimatlardan baş çykaryp bilmegi, öz höwes eden hünäri boýunça bilim almagy üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirki zaman kompýuterleri, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim ojaklary we çagalar baglary, sport mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şolaryň biri hem ylymlaryň-bilimleriň ojagy bolan dürli ýaşdaky okyjylar üçin niýetlenen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky okyjylar bilen yzygiderli duşuşyklar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler, gezelençler, gürrüňdeşlikler geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelýän okyjylara kitaphananyň içiniň aýratynlyklary, kitap sergileri, okalga zallary, bölümleri, obserwatoriýa otagy bilen içgin tanyşdyrylýar. Bu bolsa kitaphana gelýän her bir okyjyda uly täsir galdyrýar.
Gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşly, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!