“Çaga-durmuşyň güli”

    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir hünärmenleriniň gatnaşmagynda çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap “Çaga-durmuşyň güli” ady bilen “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde “Türkmenistan” teleýaýlymynyň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik gezelenji geçirildi. 

   “Bal süýji, baldan-da bala” diýen peder pähiminde halkymyzyň ynsan durmuşynyň gül-gunçalary saýylýan çagalara söýgisi şöhlelenýär. Baldan süýji balalaryň şatlyga we bagtyýarlyga beslenen gülki seslerini eşideniňde göwün argynlygyň unudylyp, köňlüň ýazlaýar. Hakykatdan hem, ýaşaýşa bolan höwesi döredýän, durmuşyň özenini düzýän, öýlerimiziň “altyn aşygy” saýylýan, ýüzleri nurana mähriban çagalar biziň ýagty geljegimiz, Watanymyzy gülledip ösdürjek, at-abraýyny ýokary galdyrjak ýaş nesillerimizdir. Her ýylyň 1-nji iýunynda tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni ýokary derejede bellenilýär. Bu baýramyň ýurdumyzda döwlet tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň sanawyna goşulmagy bolsa, halkymyzyň körpelere bolan söýgüsiniň näderejede beýikligini görkezýär. 

  Mahlasy, çaga-durmuşyň güli, ýaşaýşyň özeni. Goý, asuda zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň nowça gülleri bolan eziz çagalaryň gülki sesleri, şat owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun! Munuň üçin ähli şertler-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun döwlet ähmiýetli tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655