«Kitap akyl hazynasy»

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Kitap akyl hazynasy» atly kitap sergisi geçirildi. 
     Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda gurnalan sergide nusgawy we häzirki zaman şahyrdyr ýazyjylarymyzyň gymmatly eserleri mynasyp orun aldy. Sergä tomaşa eden talyp ýaşlar özleriniň gyzyklanýan ajaýyp kitaplary bilen has içgin tanyş boldular. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar talyp ýaşlary bu guralan serginiň özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyranlygyny beýan etdiler we Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.



Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655