“Zehinli çagalar Watanymyzyň geljegi ”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Zehinli çagalar Watanymyzyň geljegi” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýan, her pursatynyň many-mazmunly geçmegi barada biziň hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda çagalara degişli alnyp barylýan netijeli işler döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!