“Bütindünýä welosiped güni”
Bütindünýä welosiped gününiň 2018-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilendigini ýatladýarys. 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça doly ylalaşyk esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmek jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna goşulmak» Kararnamasy kabul edildi.
3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp Diýarymyzyň ähli künjeginde birnäçe sport çäreleri gurnaldy. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler Aşgabat we Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem guraldy. Bu çärä biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň zähmetsöýer işgärleri welospedleri dolandyryp ajaýyp şäheriň şaýollarynyň ugry bilen herekede gatnaşdylar, şeýlelikde welosepedli ýörişe gatnaşyjylaryň hereketi “ýaşyl şäher” Arkadag şäherinde ajaýyp görnüşi emele getirdiler.
Halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada çäksiz aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.