“Päkligiň baýramy-Gurban baýramy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Päkligiň baýramy-Gurban baýramy” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Ruhy päkligiň baýramy bolan Gurban baýramy çuňňur many-mazmuna eýe bolup, bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat-erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar, adamzadyň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýguny berkidýär. Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini açyp görkezýän, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň agzybir, bolelin durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen diňe öňe-beýik geljege gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar. Päklige, halallyga, muhabbete eýlenen bu baýram türkmen halky üçin hem iň bir eziz, ýürege ýakyn baýramlaryň biridir.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ata Watanymyzda milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.