“Arkadag şäheri bagy-bossanlygyň şäheri”

   Köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaýyş işine Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň zähmetsöýer, agzybir işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Köpçülikleýin arassaçylyk işiniň geçirilýän ýerleri baglary timarlamak, olaryň düýbüni ýumşatmak we agartmak, talabalaýyk suwarmak üçin degişli gurallary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa daş-töweregi abadanlaşdyrmak bilen bagly işlere şahsy goşant goşýan raýatlarymyzy ekologiýa taýdan arassa hem-de owadan ýaşaýyş gurşawyny döretmäge ruhlandyrýar. 

   Ata Watanymyzyň ekologiýasyny gorap saklamak bütin dünýäni gyzyklandyrýan meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda tebigata aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muňa mysal edip, soňky ýyllarda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Ýurdumyzda «Gök guşak» umumy milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen tokaý zolaklary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylda müňlerçe agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi ýurdumyzda gözel tebigy gurşawy kemala getirmek bilen bir hatarda ekologiýa abadançylygyny saklamaga hem oňyn täsir edýär. 
    Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça alnyp barylýan daşky gurşawy abadanlaşdyrmak bilen bagly işler, döredilýän täze ýaşyl zolaklar iri tokaý toplumlarynyň bir bölegine öwrülip, sahawatly türkmen topragynyň bolsa gözelligini has-da artdyrýar. Türkmen halky, şol sanda ýaşlaryň sagdyn, ruhubelent we sagdyn durmuşy barada çäksiz aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!





Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655