“Ylym-bilim ulgamy-döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady”


  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti bilen bilelikde guramagynda “Ylym-bilim ulgamy-döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

 Ylym we bilim islendik döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň binýady hem-de möhüm şertidir. Şu jähtden, her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda ylymlar güni uludan dabaralandyrylýar. Bu ajaýyp sene mynasybetli her ýyl däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyň, şeýle-de ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek we sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzyň ylmy binýadynyň barha pugtalanýandygyny görkezýär, çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly “Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýolydyr. Ylym jemgyýetçilik ösüşine kuwwatly itergi berýän özgerdiji güýç hökmünde Türkmenistanyň häzirki durmuşynda möhüm orny eýeleýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler. 

 Ylym-bilim binýadynyň berkemegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655