“Çagalaryň söýgüli tomus pasly”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda  “Altyn ýyldyz” sagaldyş dynç alyş merkezinde Çagalaryň söýgüli tomus pasly” atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi. 

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz barada edilýän giň gerimli aladalaryň çuňňur many-mazmuny bardyr. 

  Diýarymyzda döredilýän ýaşaýyş-durmuş şertleri, ilki bilen, biziñ geljegimiz bolan çagalaryñ, ýaş nesliñ bagtyýarlygyna gönükdirilen-dir. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallasy netijesinde biziñ ýurdumyz
bagtly çagalygyñ mekanyna öwrüldi. Şeýle mümkünçilikleriň biri hem tomus möwsüminde çagalaryň dynç alyş wagtlaryny gyzykly hem täsirli geçirmek maksady bilen ýurdumyzda birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri döredildi. Bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem “Altyn ýyldyz” sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän bagtyýar çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri geçirdiler. 
Bu ýerde kitaphanaçylar çagalara çuň manyly eserleri okap berdiler. Şeýle-de bu ýerde gurnalan kitap sergisi hem çagalarda  uly täsir galdyr. 

   Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655