“Çagalaryň tomusky dynç alyşy”



   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda  Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde Çagalaryň tomusky dynç alyşy” atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi. 

   Tomus pasly-çagalar üçin her ýylyň iň şadyýan döwri. Bu pasyl çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Häzirki wagtda mekdep okuwçylary üçin tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Bagtyýar çagalar bu möwsümi manyly geçirmegi arzuw edýär. Olar ata-eneleriniň we mekdep mugallymlarynyň goldawy, kömegi we maslahaty bilen bu tomusda dynç alyp, öz başarnyklaryna görä hünär öwrenmegi, kitap okamagy maksat edinýärler. Çünki tomsuň gelmegi bilen, çagalar dynç alyş möwsümine gadam basýar. Gökdere çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly geçirýärler hem-de çagalarymyzyň bagtyýar mekanyna öwrülýär. Tomusda ýurdumyzyň haýsy künjegine barsaň, gapylaryny giňden açýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde eziz balalarymyzyň şadyýan sesleriniň we gülküleriniň belentde ýaňlanýandygynyň, şol sapaly ýerlerde olaryň wagtlarynyň hoş geçýändiginiň şaýady bolýarsyň. Tomus paslynyň çagalar üçin ýatdan çykmajak şadyýan pursatlara baý bolmagyny gazanmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem dürli pudaklar degişli kitaplary bilen çagajyklary tanyşdyryp geçýärler, hem-de kitabyň adam üçin howanyň gerekli bolşy ýaly kitabyň hem adama uly ähmiýetiniň barlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. 

   Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil berk bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655