“Kitap paýhas çeşmesi”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda “Kitap paýhas çeşmesi” atly kitap sergisi we talyplaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Kitap sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleri we birnäçe çeper eserler bilen kitap sergimizi gurnadyk. Sergide kitaplardan başga-da dürli ýyllarda «Medeniýet», «Miras», «Diýar», «Garagum», «Türkmen sporty» we beýleki žurnallarda türkmen hem rus dillerinde neşir edilen başga-da köp gyzykly maglumatlar görkezildi.
Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.