“ Bagtyýar çagalar-halkyň buýsanjy”

     Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Bagtyýar çagalar-halkyň buýsanjy” atly duşuşyk, geçirildi. 

     Çagalar-biziň nurana geljegimiz, röwşen ertirlerimiz. Olaryň geljegi baradaky alada diňe bir ata-enäniň, maşgalanyň ykbaly bilen däl-de, eýsem, jemgyýetiň ösüşi, özgerişi bilen berk baglydyr. «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ata-babalarymyz perzentlerini ertekileriň, hüwdüleriň, nakyllaryň, matallaryň, milli oýunlaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Ýaşlaryň dünýägaraýşyna tymsallaryň, rowaýatlaryň, çeper eserleriň üsti bilen uly täsir edipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň saglygyny goramagy, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini üpjün etmäge aýratyn üns berýär. 

    Duşuşygyň ahyrynda durmuşymyzyň gymmatly we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655