“Söze sarpa-kitaba sarpa, kitaba sarpa-kitaphanalara sarpa”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň  gelmeginde “Söze sarpa-kitaba sarpa, kitaba sarpa-kitaphanalara sarpa” atly sergi, gezelenç geçirildi. 

  Gezelençde kitaphanalar-paýhas öýi, ruhy kämilligiň merkezi. Kitaplar dünýäsine aralaşmak bilen, biz ruhy kämillige, aň ösüşine ymtylýarys. Ýurdumyzyň kitaphanalary umumy elýeterli bilim çeşmeleri we özbaşdak bilim almagyň esasy binýady bolup durýar. Olar jemgyýetiň günsaýyn artýan ruhy islegini kanagatlandyrmak bilen köpçüligiň medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde kitaphana ulgamy ygtybarly ösdürilýär, sanly ulgam ornaşdyrylýar, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlary hödürlenilýär. “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi muňa aýdyň subutnamasy bolýanlygy barada Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň Usuly-kitapnama bölümçesiniň redaktory Geldiýewa Arzygül Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem aýratynlygy barada giňişleýin talyplara gürrüň berdi. 

  Gezelenjiň ahyrynda ýurdumyzda kitaphanalar ulgamynda giň okyjylar üçin okamaklary üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655