“Arkadag ýyldyzy bagtyň ýyldyzy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň işgärleri bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň fizika fakultetiniň mugallymlarynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Arkadag ýyldyzy bagtyň ýyldyzy” atly tegelek stoluň başynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar her bir Türkmenistanlyny ganatlandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň, teleskopdyr onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy ähli halkymyz, esasan-da ylymdan ganatly ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri bolandygy barada gürrüňler edildi.
Söhbetdeşlikde şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar, kitaphana işini kämilleşdirmekde uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.