“Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy’’

  Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň
kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 
2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri 
ýerine ýetirmekde kitaphana işinde ileri tutulýan ugurlar’’ atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynyň çäginde geçirilýän medeniýet hepdeliginiň dabarasy uly toý baýramçylyk şatlyga beslenip, geçirilýär.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň
bilelikde geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabyndaky Medeniýet merkezinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň
gatnaşmagynda geçirilen usulyýet maslahaty bilen uly badalga aldy.
’’Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda’’ bellenilen wezipeler maslahatda ara alynyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahata gatnaşyjylar kitaphana işinde  öňde baryjy usullar, häzirki zaman gaznalaryny döretmek, medeni, aň-bilim ýaýradyş çärelerini guramak we okyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrmak ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlara giň gerim berildi . Şeýle hem kitaphana işini sanly ulgama 
geçirmek we bitewi maglumat gurşawyny kemala getirmek bilen bagly  meselelere aýratyn üns çekildi hem-de şular dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

  Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleri bu çärede giňişleýin sergilendi.

  Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläkde baýlaşdyrmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655