“Medeniýet halkyň ruhy baýlygy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda “Medeniýet halkyň ruhy baýlygy” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän we geçiriljek dabaraly çäreler dogrusynda bellenilip geçildi.
Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkünçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.