Medeniýet hepdeligi – 2025
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän Medeniýet hepdeligi täsirli wakalary bilen oňa gatnaşyjylar we ähli watandaşlarymyz üçin ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresiniň esasy maksady türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybaratdyr.
Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” “Türkmeniň ak öýi” binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine öwrüldi. Gündogaryň beýik akyldarynyň uzaklardan seleňläp görünýän heýkeliniň beýikligi 60 metre deňdir. Onuň binýadynda şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan çuňňur manyly setirler ýerleşdirilen.
2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi. Bize hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir işgärleri bolup Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak miýesser etdi. Ýygnananlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna, medeniýet we sungat işgärlerine iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary, nusgawy aýdym-sazlar häzirki döwrümiziň joşgunly estrada aýdymlary, tans çykyşlary bilen sazlaşykly utgaşyp, bir bitewi ruhy gurşawy emele getirdi.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky tagallalar, döredijilik bilen meşgullanmak, döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de forumyň ýokary derejede geçirilmegi üçin döredilen ähli amatly şertler üçin hoşallyk beýan edilýär.