“Arkadag şäheri ösüşiň we özgerişiň mekany”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Arkadag şäheri ösüşiň we özgerişiň mekany” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy esasynda kemala gelen täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar, örän oňaýly ýaşaýyş jaýlary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalary we başga-da köp sanly möhüm binalar ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi. Şäher giň şaýollar, döwrebap yşyklandyryş, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şäheriň ilatyna we myhmanlaryna häzirki zaman ulaglary ýokary derejede hyzmat edýär. Arkadag şäheri döwrebap şähergurluşyk keşbi, innowasion mümkünçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döredýär. Ady äleme dolan bu ajaýyp Arkadag şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny äleme äşgär edýär. Bu ýerde halkara forumlaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, iri medeni çäreleriň ençemesiniň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýänligi barada giňişleýin söhbet edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar raýatlarymyzyň abadan, asuda, parahat durmuşda ýaşamaklary üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.