“Ertekileriň terbiýeçilik ähmiýeti” 



  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Ertekileriň terbiýeçilik ähmiýeti” atly gürrüňdeşlik we sahna oýny geçirildi. 

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalga zalynda körpeje çagalarymyza niýetlenen birnäçe türkmen halk ertekileri bolan neşir önümleri ýerleşdirilen. Bu ýerde bolsa yzygiderli türkmen halk ertekilerini okap berip şeýle hem çagalar şol ertekileriň keşbini janlandyrmaga wagtlaryny şadyýan geçirmäge ähli şertler döredilip berlen. Bu bolsa çagalarda has hem kitap okamaga höwesini artdyrýar. Elbetde ertekiniň baş gahrymany bolýan çaga özi hakyndaky ertekini diňleýär. Ertekide baş gahryman özüni iň kämil derejede alyp barýar: ähli kynçylyklary ýeňip geçýär, öz hereketlerine jogap berýär, adamlara kömek edýär, ejizleri goraýar, goldaýar, hemişe hak işiň tarapynda durýar. Ertekiniň has täsirli we netijeli tarapy her bir çaga özüniň ertekidäki keşbine giresi gelýär, şoňa meňzemäge çalyşýar. Özüni şol dünýäniň baş gahrymany hakda görýär. Şol ýerdäki häsiýetlere, beýik maksatlara, asylly ýörelgelere wepaly bolmaga çalyşýar. Kynçylyklary ýeňip geçmek hyjuwy ösýär. Eýýäm onuň aňynda ähli müşgülliklerden üstün çykan gahrymanyň-özüniň ynamly keşbi dur. Ynam bolsa ähli zady çözýär. Çagany ertekiniň baş gahrymany hökmünde görkezmek-terbiýäniň jadyly nusgasy hasap edilýär. Şeýle ertekiler çaga duýgusyna oňyn täsirini ýetirýär. 

   Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655